Baba Röwşen

Awtor: Nurmuhammet Andalyp
Neşirýat: -
Bölüm: ,
Sahypa: 311 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 1,95 mb

Nurmuhammet Andalyp-Baba Röwşen dessany

mma rawyýany-ahbar we naklyany-asar andag rowaýat kylurlar kim, pygamber zamanyda, Medine şährinde bir kaşşak baba bar erdi. Özi sahaba erdi. Emma atyga Babaröwşen diýr erdiler. Özi zyýada aýalmend erdi. Emma Ýehudy diýgen bir jöhitge müň tylla karzy bar erdi. Hiç anyň alajyny kyla bilmes erdi.   Emma ol jöhit bir gün gelip, aýtdy: -Eý, Babaröwşen, bu gün meniň pulumny bergil ýa meniň dinimge girgil, bolmasa, gyzyňny maňa bergil-diýdi. Anda Babaröwşen endişe kylyp, aýtdy: -Eý, jöhit, sen maňa erteň peýşingeçe möhlet bergil, huda halasa, puluňny tapyp berur men. İr erteň saňa jowap berur men. Eger tapa bilmesem, seniň bu üç gepiňden birinden birin kabul kylur men-diýdi. Elkyssa, jöhitniň hyýalyga geldi kim: “Özi kaşşak bolsa, erteň peýşingeçe ne ýerden tapyp berur?” diýdi. Babaröwşen: “Men tapyp berur men” diýip, wagda kyldylar. Jöhit kabul kyldy. Andan soň, jöhit Babaröwşenge möhlet berdi. Babaröwşen biçäre: “Mesjidi-Medinäge baryp, pygamber hudanyň aldynda ýyglaýyn” diýip, jöhitlerniň güzeriden ötüp, barur erdi. Oşol wagt bir jöhit aýtdy: “Eý, Babaröwşen, ýol bolsun!” Kaýda barur sen?” diýdi. Anda Babaröwşen aýtdy: “Ýehudy diýgen jöhitge müň tylla karzdar erdim. Meni köp gystap teň kyldy. Ahyr erte peýşingeçe möhlet alyp, pygamber hudanyň aldylaryga baryp, mübärek aýaklaryga ýüzümni sürtüp ýykylsam, şaýed ki men şol beladan halas kylsalar diýip, oşol jöhitniň puluny istäp, pygamber alaýhys-salamga barur men” diýdi. 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.