Leýli-Mejnun

Awtor: Nurmuhammet Andalyp
Neşirýat: -
Bölüm: ,
Sahypa: 72 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 0,53 mb

Nurmuhammet Andalyp-Leýli-Mejnun dessany

Emma rawylar andag rowaýat kylarlar kim, Bagdat welaýatynyň suhanwerleri andak habar bererler kim, arap yklymynda Amyry diýgen bir jemagat bar erdi. Olaryň  ulugyna Seýit Beni Amyry diýr erdiler. Zyýada ulug-büzürgwar erdi, welaýaty hem magmur we abadan erdi. Seýit Beni Amyry zyýada sahyp-hünär we jümleýi-afakdan şaýeste, derwişnowaz, myhmandost, hoş ykbal erdi. Her çent ki, özi halypawarlykda meşhurdy, leýken  bihalaplykdan mysaly şemgi-binur, halaýyk gözüne tire görünir erdi, manendi-hoşa kim, dänäge arzuwment erdi. Seýit Beni Amyry perzende andak muştak erdi. Emma bu hasrat birle umyt eýlär erdi kim, şaýet, desti-bagtym şahaýy-daragty-ömrümden miýesser kylarmykan diýip, bu tama birle saýyl we derwişlere köp-köp haýyr we yhsan kylyp, zary we tazarrug birle dergahy-Wajybyl-Wujuda ýüz urup, ýyglar erdi. Emma sagatlardan bir sagat tiri-doga semaýy-nyşana degip, kylan dogasy dergahy-Wajybyl-Wujuda kabul düşüp, Şeýit Beni Amyra bir ogul berdi. Onuň adyna Kaýs goýdular.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.