Şejere Türkmeniň nesil daragty

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Soltanşa Atanyýazow
Neşirýat:Turan
Bölüm:
Sahypa:307 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:4,73 mb

Soltanşa Atanyýazow-Şejere

Tire-taýpa atlarynyň gelip çykyşy baradaky şeýle kitabyň türkmen okyjyaryna niýetlenen ilkinji gezek neşir edilýändigi üçin, biz onomastika ylmynyň bir şahasy bolan etnonimikanyň ýörite terminleri, türkmen tire-taýpa atlarynyň özboluşly aýratynlyklary, olaryň beýleki türki halklaryň etnonimiýasy bilen özara gatnaşygy we ylym üçin ähmiýeti barada gysgaça düşündiriş bermegi makul bildik.Etnonimika—grekleriň  etnos (“halk”) we onoma (“at”) sözlerinden emele gelip, “tire-taýpa we halk atlaryny öwrenýän ylym” diýen manyny aňladýar. Taýpa-tiräniň bölünip alnan bir adyna (meselem, ýomut diýen ada) etnonim, belli bir halkyň ýa-da ülkäniň şeýle atlarynyň jemine, tutuş sistemasyna bolsa etnonimiýa diýilýär. Eliňizdäki kitapda tire-taýpa atlary diýen termin bilen bir hatarda etnonimler diýen adalga hem giňden ulanyldy.Etnik atlar dakylyş häsiýetine görä iki uly topara bölünýärler: awtoetnonimler, ýagny halkyň ýa-da taýpa-tiräniň özi üçin saýlan (kabul eden) ady we alloetnonimler, ýagny halka ýa-da taýpa-tirä töwerekdaki iliň dakan ady. Iliň özi üçin saýlan atlary aglaba gowy manyly sözlerden hasyl bolýar, emma daş-töweregiň dakan atlarynda (alloetnonimlerde) kemsidiji äheňler hem duş gelýär. Meselem, Germaniýanyň esasy ilaty özüne doýç diýse, gündogar ýurtlaryň ilaty oňa alman, ruslar bolsa nemes diýip at berýärler. Nemes sözi nemoý (“güň, lal”) sözi bilen asyldaşdyr. Dili düşnüksiz bolany üçin, ruslar olara şeýle at beripdirler.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.