Oýlanma baýry

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Kerim Gurbannepesow
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:463 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:2.82 mb

(Kerim Gurbannepesow-Oýlanma baýry)

KERIM ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET DÜNÝÄSI

Çyn zehiniň täsin syrlary bar. Zehin bolup döretmegiň ejiri kän, emma höziri ondanam kän. Bütin ömrüňi kagyz çyrşap geçirip, ençeme kitap çykardyp, at alyp, laureat bolup hakyky döredijiligiň nämedigini bilmän gidenler, aňman ýörenlerem bar. Zehiniň Hudaýdan berilmese, «köňle geleniňi taraşlap şagladyp» bolanok. Kerim şahyr ömrüniň ahyrky günlerinde agyr kesel mahaly bir gezek ahmyr bilen şeýle diýipdi: «Öňde bir şahyryň aýdyşy ýaly «başardygymça-ha ýazasym gelenok, isledigimçe-de ýazyp bilemok». Ömrüniň tas otuz ýylyny ol diňe isledigiçe ýazyp geçiripdi. Bir gezek meşhur Sahy bagşy heniz ýaşrak bagşyka talapkär halypasy Magtymguly Garlynyň ýanynda çalaja kine bilen zeýrenen bolupdyr. – Halypa, sen saz etseňem, aýdym aýtsaňam jüp-jüp ýerine düşüp dur. Şunça azap edýäsem weli, biziňki-hä şeýle boluberenok. Şonda Sahy bagşyny bütin ömrüne söýgülän Çuwal bagşy: – Sahy jan, kesbiňden nägile bolmagyn. Bu zehiniň bilen göwnüňe düwüşiňçe aýtmaga-da ýetişersiň. Şonda edeniň bolar durar – diýipdir.

Elektron görnüşe geçiren: www.Enedilim.com

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.