Seýdi Goşgular

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Seýitnazar Seýdi
Neşirýat:Turan
Bölüm:
Sahypa:61 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0.43 mb

SEÝDI (1775 – 1836)

Seýdi Lebap boýunda, Garabekewüliň Lamma obasynda dogulýar. Ol Lebap we Buhara medreselerini geçýär. Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Onda folklor we milli poeziýa birikýär. Şol wagtda Buhara merkezi bolan "Diwan" poeziýasyny çuň özleşdirýär. Nowaýy (Hyrat) we Fuzuly (Kerkuk) mekdebi oňa ýat däl. Hatyja – yşky poeziýany, Buhara agalygyna garşy göreşler söweşjeňlik poeziýasyny oýarýar. Syýasatda milli-azatlyk aýdymçysy. Tebigaty serkerde bu şahyr käte Soltannyýaz begiň täsirinde bolýar. Poeziýa onuň söweş gimnleridir, ýöriş surnaýydyr. Buharanyň hüjümleri Seýdini gözel Lebapdan aýryp, Mara tarap kowýar. Ol Mary-Hywa gepleşiklerinde uly figura. Mary we Maşat gatnaşyklarynda-da Seýdi görünýär. Onun poeziýasy, bir taýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalym edýär. Real söweşjeňlik ruh we anyk taryhy material bu poeziýada has aktiw. Seýdiniň "Diwanynyň" bir göçürme nusgasy mälim.

Elektron görnüşe geçiren: www.Enedilim.com

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.