Kemine Goşgular

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Mämmetweli Kemine
Neşirýat:Turan
Bölüm:
Sahypa:63 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0.49 mb

KEMINE (1770 – 1840)

Şahyr Saragtda, togtamyşlaryň wekil, onuň-da ýusuplar diýen böleginde dogulýar. Ol urugçylyk döwründe ilki Saragtda, soňMaryda, köplenç Hywada taglym alýar. Medreselerde türk, pars we arap taryhyny, medeniýetini we edebiýatyny öwrenýär. Onuň kuwwatly akyly jemgyýeti sosial öwrenmeklige itekleýär. Şabende, Talyby we Nepes munuň dostlary we pikirdeşleri. Ol Magtymgulynyň edebi mekdebiniň dowamçysy, Maryda Nepesiň talantyny ilki açyjy. Ol Sagdynyň, Ependiniň, Zakanynyň weMuşfigiň satirasy bilen berk tanyş. Döwrüniň Oraz han ýagly, Garaoglan han onbegi, hatda ýaş Gowşut han bilen tanyşlygy çaklanylýar. Onuň poeziýa lirikasy tutuşlygyna diýen ýaly halk aýdymyna öwrülipdir. Keminä Türküstanyň Hoja Nasretdin Ependisi diýýärler. Kemine we Äraly pir ikisiniň töweregi şorta sözleriň uly topary bilen gurşalgy, Kemine türkmeniň gülki hazynasy, Kemine diýen at türkmeni hemişe ýylgyrdyp göýberýär. Şahyryň Welmämmet atly ogly şahyr bolan. Keminäni nesilleri Murgap jülgesinde ýaşap  ýörýärler.Keminäniň galamynda lirika we satira utgaşýar.

Elektron görnüşe geçiren: www.Enedilim.com

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.