Şaýat bolmak aňsat däl

5.00 Avg rating1 Ses
Tom: -
Awtor:Ogulsenem Taňňyýewa
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:61 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:1,08 mb

Ogulsenem Täňňyýewa-Şaýat bolmak aňsat däl

Kursdaşy Sähetliniň özüne ýiti-ýiti bakyp ýörenini Dürjemal eýýäm nije ýyl bäri duýup ýördi. Her gezek Dürjemaly görende nazarlary bilen gyzy iýip barýan-da bolsa, nämüçindir ýigit dilden gyza zat diýiberenokdy. «Utanýa öýdýän» diýip, Dürjemal ýigidiň bolşuna öz ýanyndan baha keserdi hem-de onuň özünden çekinip ýörmesine gülküsi tutardy.

Gülälekli maýyň ilkinji günleridi. Dördünji kursy tamamlaýyş ekzamenlerine ýekeje aý galypdy. Ine, şol günleriň birinde Sähetli dil açdy: 

— Dört ýylyň içidir paýtagtda okap ýörenimize. Onda-da şäheriň medeni-seýil baglaryna-da gezelenje gidip göremzok. Gel, şu gün agşam çaýyndan soň baga aýlanaly — diýip, ol umumy ýaşaýyş jaýynda, ýokarky gatdan aşak düşüp gelýän Dürjemala pete-pet gelende, ony gezelenje çagyrdy.

Kursdaşy Sähetli hem öz obalaryna ýakyn obadan. Boý-syraty hem hiç ýigidiňkiden pes däl. Üstesine-de, hukuk fakultetiniň ökde okuwçylarynyň biri. Beýle ýigidiň çakylygyndan Dürjemal ýüz öwürmekçem däldi. Ol çakylygy kabul etdi. Agşam çaýyndan soň Dürjemal bezenip, ýola şaýlandy. 

— A gyz, nirä ugradyň? — diýip, hiç wagt agşam gezelenje gitmeýän Dürjemalyň biwagt geýnişini geňlän otagdaş jorasy Döndi oňa ýylgyryp bakdy. Soňam sag eliniň süýem barmagyny çommaldyp, Dürjemala haýbat atdy. — Nämejik hyýala mündüň, hä?! 

Dürjemal ilki utanjyrap ýylgyrdy. Soňam jorasyndan syr saklap durmady:

— Sähetli gezelenje çagyrdy.


Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 25 Apr, 2018
@Yusup. ýalňyşmasam doly görnüşünde bolmaly kitap
Admin 25 Apr, 2018
@Berdi_Oratdy ol kitaba bizde yok eken, tapsak ony hem goyars
Berdi_Oratdy 20 Apr, 2018
Sizden hayysym "ASUDALYK ŞEMALY" diyen kitaby cykarmagynyzy hayyst etyarin.
Berdi_Sähedow2002 14 Apr, 2018
Gaty gowy ýazylypdyr.Okaýjylata örän oñat peýda etýär.Işiñizde üstünlik arzuw edýän!!!
Yusup 11 Apr, 2018
tuweleme gaty gowy yazlypdyr, dowamy hem bar bolsa gowy bolardy