Bagtym hem ýyldyzym II

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Ogulsenem Taňňyýewa
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:143 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:2,00 mb

Ogulsenem Täňňyýewa-Bagtym hem ýyldyzym II

Ýöne günler hernäçe biri-biriniň yzyndan kerwen gurasalar-da, Emir Bägüli ýygnabermedi. Asla onda Bägüli ýygnamak pikiri-de ýokdy. Gaýtam öz bagtyna goşulany üçin ol Bägüli diýseň ýigrenýärdi.

Jemal daýzasydyr Bägüle sögüp, ýüregindäkm gaharyny birneme egsip gaýdandan soň Emir ýene öýe girip, bagryny ýere berip ýatdy. Arasynda daşaryk çykyp, mellegiň aýagujunda ekilen tutlaryň arasynda oturyp gaýdýardy. Ýüregi dünýä syganokdy. Çöp bilen ýer dyrmalap, aşak bakyp oturyp, aram-aram elini ýüzünde gezdirip goýbermesinden Ogulsadap daýza onuň aglaýanyny duýdy. Birden onuň halyna gynandy. Birdenem Emiriň bolup ýörşüni makullaman, «Ne gözel gelnini getirip ýaşaşybermeli. Özem bir dikdüşdi munuň» diýip, Emire gaharlandy. Şu sözleri onuň özüne-de aýdaýasy gelýärdi. Ýöne bu wagt ogluna gep goşmadan çekinýärdi. 

Emir näçe jebir çekse-de, onuň derdini ýeňletjek zat-da, kişi-de ýokdy. Hemmeler öz işi, öz hojalygynyň aladasy bilen girip-çykyp ýördi. Emire-de indi durmuşyň öz akymyna görä gymyldabermeden başga alaç ýokdy. Oba adamlary ony gören ýerinde sowlup ötýärdiler. Uzak aradan oňa nazar dikip, biri-birine nämedir bir zatlar diýişýärdiler. Öz gykylygynyň hemmeleri çekindirýänine Emir düşünýärdi. «Belki, bular meni däli hasaplaýandyrlar» diýip, ol aram-aram içini gepledýärdi.

Işden geldigi ýa bagryny ýere berip ýatýardy, ýa-da çöp bilen ýer çyzyp, mellegiň aýagujundaky tutlaryň aşagynda oturýardy. «Bägüli getiräý» diýen sözi oňa aýtmaga hiç kim het edip bilenokdy. Işde-de bus-bus boldy. Hiç kim bilen gep alşanokdy. Dynç alnanda-da köpçülikden çete çykyp oturýardy. Oýlanyp-oýlanyp, Aýjemalyň nädip özüni taşlap gidip bilşine hiç düşünip bilenokdy.


Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Sabina 12 Apr, 2018
Gaty gowy yazypdyr men aglap aglap okadym
yslam 11 Apr, 2018
Tüweleme gowy
arsi 11 Apr, 2018
Saýdy açan adama köp minnetdarlygymy bildirýän. Ýöne şul saýda ylym-bilim we mekdep kitaplarnam ýerleşdirseňiz hasam gowy boljakda.