Mätäji Goşgular

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Annagylyç Mätäji
Neşirýat:Turan
Bölüm:
Sahypa:59 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0.45 mb

Mätäji (1824 – 1884)

Mätäji Aşgabadyň eteginde, gür baga bürenip oturan Köşi obajygynda dogulýar. Onuň kakasy Amanmuhammet, öz ady Annagylyç, lakamy Mätäjidir. Heniz ösdürimkä mekdebi tiz geçýär, soň öz-özünden okap ösýär. Nowaýy, Meşrep, Fuzuly onuň edebi mekdebi. Milli poeziýasy bilen ilki Ahaly, soň ülkäni aýdyma gark edýär. Özi sazyň muşdagy, dosty Hally bagşy onuň ähli şygyrlaryny aýdyjy we ýaýradyjy. Mätäji Eýranda ýesirlikde bolýar we soň Ahala dolanyp gelýär. Metäji, megerem, Baýly we Kätibi bilen dost, Dykma serdar, Nurberdi han, Gurbanmyrat işan bilen tanyş hem gatnaşykly. Onuň ömri tragediýadan doly: ýaşlykda söýgülisini aldyrýar, soň Eýranda ýesirlikde, soň Russiýa we Ahal tragediýasy döreýär. Ol hemişe öz söz sungaty bilen çykyş edýär. Mätäjiniň ogly Molladurdy, agtygy Myrat şahyrlyk sungatynyň şeýdasy. Mätäji şahyrlar dinastiýasynyň patriarhy. Mätäji saz bilen sözüň tebigi berikmesidir.

Elektron görnüşe geçiren: www.Enedilim.com

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.