Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

LEBAP WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1.      Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

2.      Maliýe we karz.

3.      Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

4.      Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

5.      Salgytlar we salgyt salmak.

6.      Bank işlerini programmirlemek.

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Lebap welaýatynda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl.

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly — 14-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 21-i günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Lebap welaýat maliýeykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 22, tel.: 39965, 39968.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

LEBAP WELAÝATY

Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyköýi;

Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;

Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

Kerki etrap hassahanasy;

Dänew etrap hassahanasy;

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
jeyran 16 Jul, 2021
Giriş synaglarynda matematika hem dildenmi?