Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

DAŞOGUZ WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

2. Maliýe we karz.

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

4. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

5. Salgytlar we salgyt salmak.

6. Bank işlerini programmirleşdirmek

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüminden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek  2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy  günlerinde Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Daşoguz ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz ş., Merkez-1 şäherçesi, 5/2, tel.: 9-09-22.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

  • Saparmyrat Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

  • Akdepe etrabynyň Andalyp şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2024-nji ýylyň 15-njiýul-19-njy awgust aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.