Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

 

 1. Myhmanhana hyzmatlary.
2. Syýahatçylyk hyzmatlary.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
5. Daşky gurşawy goramak we tebigy miras.
6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş
synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl.

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly — 14-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden)
häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet
bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we
nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-si güni;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-y güni;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 21-i güni;
Mary welaýaty — awgust aýynyň 23-i güni;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 25-i güni;
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 27-si güni.


Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

 hünärler: myhmanhana hyzmatlary; syýahatçylyk hyzmatlary; daşky gurşawy goramak we tebigy miras — Türkmenistanyň taryhy, geografiýa, jemgyýeti öwreniş; 

 

hünärler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

 

hünär: jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy — himiýa, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheri, Bagtyýarlyk etraby, 2023 (M.Kösäýew) köçesi, 49, tel: 36-48-14, 36-36-97.


SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

AŞGABAT ŞÄHERI

Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi;

Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi;

Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi;

AHAL WELAÝATY

Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

Kaka etrap hassahanasy;

Tejen şäher hassahanasy;

Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

BALKAN WELAÝATY

Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

 Türkmenbaşy şäher saglyk öýi;

Hazar şäher hassahanasy;

Gumdag şäher hassahanasy;

Türkmenbaşy etrap hassahanasy;

Serdar etrap hassahanasy;

Bereket etrap hassahanasy;

Magtymguly etrap hassahanasy;

Etrek etrap hassahanasy;

Esenguly etrap hassahanasy;

DAŞOGUZ WELAÝATY

Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi;

Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi;

Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi;

Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi;

LEBAP WELAÝATY

Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi;

Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi;

Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyköýi;

Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi;

Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi;

Kerki etrap hassahanasy;

Dänew etrap hassahanasy;

MARY WELAÝATY

Mary şäher 1-nji saglyk öýi;

Mary şäher 3-nji saglyk öýi;

Ýolöten etrap hassahanasy;

Sakarçäge etrap hassahanasy;

Tagtabazar etrap hassahanasy;

Mary etrap hassahanasy;

Wekilbazar etrap hassahanasy;

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.