«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi 2019/2020-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:


1. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.

2. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

4. Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş.

5. Dokma önümleriniň tehnologiýasy.

6. Dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy.

7. Senagat we raýat binalarynyň elektrik abzallaryny gurnamak, sazlamak we ulanmak.

8. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

9. Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy.

10. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy.

11. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak.

12. Senagat we raýat jaý gurluşygy.

13. Gurluşyk-ýol maşynlary we enjamlary.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8-nji iýuly — 10-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 13 — 14-i, 16-sy we 17-si günlerinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak; organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy hünärleri — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat ş., Amul şäherçesi, Dostluk köçesi, 20, tel.: 7-17-25, 7-14-79.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.