Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebi 2019/2020-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:


1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

2. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (pudaklar boýunça).

3. Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş.

4. Senagat we raýat binalarynyň elektrik abzallaryny gurnamak, sazlamak we ulanmak.

5. Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek.

6. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.

7. Bag-seýilgäh we landşaft gurluşygy.

8. Senagat we raýat jaý gurluşygy.

9. Binagärlik. 

10. Maglumaty işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary.

11. Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy.

12. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak (pudaklar boýunça).

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärine görä degişlilikde 2 ýa-da 2,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebinde 2019-njy ýylyň 8-nji iýulyndan 10-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 13 — 14-i, 16-sy we 17-i günlerinde Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary ş., Baýram han köçesi, 1, tel.: 5-05-38, 5-01-71, 5-07-73.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.