Mollanepes Goşgular

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Mollanepes
Neşirýat:Turan
Bölüm:
Sahypa:63 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0.4 mb

Mollanepes (1810 — 1870)

Nepes Kadyrberdi Maryda, wekilleriň ýazy taýpasynda dogulýar. Kakasy ulama bolup, ogly Nepesi ilki Maryda, soň Buhara medresesinde okadýar. Pars dili Hysrow Dehlewini, Rumyny, Hafyzy bilmek üçin açar bolýar. Ol Nowaýy, Fuzuly, Saýýadynyň poeziýasyna uýýar. Milli poeziýa onuň halkylyk ölçegi. Poeziýada bu şahyryň öz hususy çeperçilik manerasy kemala gelýär. Söz we saz sungaty – keramat, gyz – gözelligiň simwoly. Joşgunly romantik Nepes simwoliki obraza baý. Nezireçilikde Nepes Saýýadynyň derejesine ýetýär. Mary–Hywa, Mary–Eýran, Saragt hadysalarynda uly alym Nepesiň roly bolupdyr. Ahal hany Garaoglan han onbegi,Maryda Gowşut han we başga serdarlar Nepese aýratyn hormat besläpdir. Mary–Şahy–Jahan özunde Nepes ýaly bir şahsyýetiň ýaşany üçin öwünmäge hakly. Yşk onuň poeziýasynyň baş leýtmotiwi. Türkmen aşyk we magşuklarynyň gizlin hatlarynda Nepesiň şygyrlary ýazylýar. "Zöhre–Tahyr"  dessany ýatdan aýdylýar. Ol bütin Türküstanda juda meşhur. Nepesi bizde YŞK MÜLKÜNIŇ ŞASY hasaplaýarlar.

Elektron görnüşe geçiren: www.Enedilim.com

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.