Awtor: | - |
Neşirýat: | - |
Bölüm: | Maglumatlar |
Sahypa: | - |
Formaty: | |
Tags: | - |
Sorag: Resminamalary welaýatlarda haýsy mekdebe tabşyrmaly?
Jogap: Resminamalary tabşyrmaly mekdepleriň, okuw jaýlarynyň sanawy şu salgyda bar
Sorag: Herkim öz welaýatynda egzamen tabşyrýarmy?
Jogap: Ýok, bu ýyl her kim ýokary okuw jaýynyň özinde tabşyrmaly egzameni.
Sorag: Dokument tabşyrmak üçin nähili eşikde barsaňam bolýarmy?
Jogap: Howa
Sorag: Myrat Garryýew adyndaky lukmançylyk unuwersitetinde harby gulluk barmy?
Jogap: Howa bar
Sorag: Nebit gaz institutyna Mary welaýatynda dokument tabşyrlşyk başladymy?
Jogap: Howa başlady
Sorag: Öýlenmedikligi hakynda kepilnama almalymy häkimlikden?
Jogap: Ýok almaly däl
Sorag: не годен bolsada gullugy bar fakultetine girip bolýarmy?
Jogap: Howa girip bolýar
Sorag: Ýokary okuw jaýyna resminama tabşyranyňda 3 arka maglumat gerekmi?
Jogap: Howa gerek
Sorag: Ene ataň aýrylyşan bolsa zyýany yokmyka?
Jogap: Ýok hiç-hili zyýany ýok
Sorag: Salam býujet esasynda bolsa ýyllyk tölegli bolýarmy?
Jogap: Ýok býutjet esasynda bolsa tölegsiz, stependiýaly bolýar
Sorag: Geçen ýyldaky goýuşyňyz ýaly bu ýylam ýokary okuw mekdeplerine näçe adam tabşyrandygy baradaky maglumatlary goýarsyňyzmy?
Jogap: Ýok, maglumat tapsak diňe näçe adam kabul edýändigini goýars
Sorag: Iki ýokary okuw jaýyna birden dokument tabşyryp giriş synaglaryna baryp bolýarmy?
Jogap: Ýok beýle bolmaýar. Diňe egzamenden ýykylan ýagdaýyňda resminamalary 13-nji awgusta çenli kabul edýän tölegli orta hünär mekdeplerine dokument tabşyryp bolýar.
Sorag: Ejeň kakaň nika haty gerekmikä?
Jogap: Ýok
Sorag: Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hünärmen ýa-da bakalawrda býujet(stipendiýaly okuw) barmy ýa-da ýok?
Jogap: Ýok
Sorag: Dynç günleri dokument tabşyrsan bolyarmyka?
Jogap: Howa bolýar
Sorag: Egzamende soraglar bilet görnüşindemi ýa-da test görnüşinde berilýär?
Jogap: Soraglar bilet görnüşinde berilýär
Sorag: Dokument tabşyrmak üçin woýenkamatdan hat gerekmi
Jogap: Howa gerek
Sorag: Döwletmämmet Azady adyndaky dünyä diller inistituty diňe bakalawr maksatlymy ýa-da 2 ugur ýagny türkmen dili we edebiýat bolanda hünärmen bolýamy?
Jogap: Diňe bakalawr bar
Sorag: Egzamenler nirede geçýär ?
Jogap: Dokument tabşyranyňda eliňe list berýäler, şonda egzamen senesi hem-de nirde egzamen geçýäni ýazylgy bolýar ýagny her okuw jaýynyň özinde geçýär egzamenler.
Sorag: Ýokary okuw jaýlaryň näçe talyp kabul edýäni we näçe dalaşgär dokument tabşyrýany barada maglumat goýlanokmy?
Jogap: Maglumat tapsak näçe talyp kabul edýäni goýular.
Sorag: Tölegli esasda ýokary okuw jaýynyň ýyllyk tölegi näçe manat?
Jogap: Tölegli esasda ýokary okuw jaýynyň ýyllyk tölegi:
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti: 7820man
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti: 7820man
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti: 7820man
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti: 7820man
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti: 7820man
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty: 7820man
Türkmen döwlet medeniýet instituty: 7820man
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy: 7820man
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy: 7820man
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti: 7015man
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty: 7015man
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty: 7015man
Türkmen döwlet maliýe instituty: 7015man
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty: 7015man
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty: 7015man
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty (Lebap): 6210man
Türkmen oba hojalyk instituty (Daşoguz): 6210man
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (Mary): 6210man
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty: 6210man
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty: 6210man
Bellik: Her ýylky okuwyň ýyllyk tölegiň 50% sentýabr aýynyň başynda, galan 50%-i okuwyň 2-nji ýarymynda (semestr) Türkmenistanyň Halk Bankyna tölemeli.
* Bahalar her ýyl 10% göterilip bilýär.
Sorag: Bakalawr we hünärmeniň tapawudy näme?
Jogap: Bakalawr hünärmenden 1 dereje pes bolýa, Eger-de bakalawr hünärmen derejesini aljak bolsa magistr okamaly bolýa.
Sorag: Bakalawr,Hünärmen, Magistr näçe okuw ýyl okaýalar?
Jogap: Bakalawr 4 ýyl, eger-de Iňlis dil taýýarlyk kursy hem okasa 5 ýyl
Hünärmen: 5ýyl
Magistr: 2 ýyl.
Sorag: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyň gulluk borjy içindemi?
Jogap: Ýok gulluk borjy içinde däl
Sorag: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty harby gulluk borjy içindemi?
Jogap: Ýok gulluk borjy içinde däl
Sorag: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty harby gulluk borjy içindemi?
Jogap: Ýok gulluk borjy içinde däl
Sorag: Tölegli esasda hünärmenler bilen býujet esasyndaky hünärmenleň näme tapawudy bar? Ikisiniň diplomy deň derejelimika?
Jogap: Howa ikisiniň diplomy deň derejeli, ikisiniň tapawudy diňe: Býujet esasynda her aý stipendiýa alýar; Tölegli esasda: her 6 aýdan okuwyň tölegini töläp okaýar.
Sorag: Ýagşygeldi
Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiň gulluk borjy içindemi?
Jogap: Ýok gulluk borjy içinde däl
Sorag: Salam
matematikadan egzamen bolanda diňe 6-njy klasa çenli okalan matematikadan
soralýamy ýa 6-njy klasdan soňky algebradanam soraglar bamyka?
Jogap: Algebradanam we Geometriýadan hem soraglar düşýär, her soragnamaň 3-nji soragy hem mesele bolýar. Mekdep maksatnamasy boýunça islendik sorag gelip bilýär.
Sorag: Resminamalary tabşyrmaga baranyňda hökman sütükli
gyzyl köýnek geýmelimi, ýada islendik reňkdäki ýakaly köýnek bolarmyka?
Jogap: Islendik reňkdäki ýakaly köýnek bolýa, ýöne egzamen tabşyrmaga baranyňda gyzlar: gyzyl köýnek, tahýa, oglanlar: gara balak, ak köýnek, tahýaly barmaly
Sorag jogabyň dowamy bar..
Soraglaryňyz bolsa teswirde sorap bilersiňiz, elimizden geldigiçe jogap berers.
Esasy Bellik: Häzirki wagtda Kitaphana programmany ulanýan gaty az, maglumatlaryň täzelenmegi hem-de täze maglumatlaryň goşulmagy üçin Play marketdan programma 5 ýyldyz goýmagy we Imo arkaly istoriýaňyzda kitaphana programmany dostlaryňyz bilen paýlaşmagy unutmaň. Programmany ulanýan köpeldigiçe biziň eden azabymyz ýerine düşer.