Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi

Awtor: -
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: -
Formaty: .PDF
Çeşme: Türkmenistan gazeti
Tags: -

SAHY JEPBAROW ADYNDAKY ARKADAG ŞÄHER ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I.Býujet esasynda:

  • Türkmen milli saz gurallary.
  • Kirişli saz gurallary.
  • Üflenip we kakylyp çalynýan
  • saz gurallary.
  • Sazyň taryhy we nazaryýeti.
  • Aýdym aýtmak sungaty (wokal).
  • Bagşyçylyk sungaty.
  • Hor dirižýorlygy.
  • Saz mugallymçylygy.
  • Fortepiano.
  • Halk saz gurallary.
  • Horeografiýa sungaty.
  • Nakgaşçylyk.
  • Dizaýn. 

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde  (Aşgabat, Arkadag şäherleri we Ahal welaýaty boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • sazçylyk ýa-da çeperçilik bilimi barada resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk
  • kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;
  • 2 sany galamda, 2 sany reňkde,
  • 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (nakgaşçylyk; dizaýn hünärlerine okuwa girýänler üçin). 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde (Arkadag şäheri) 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si,we 4-i günlerinde geçirilýär.

 

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti
  • hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: horeografiýa sungaty; aýdym aýtmak sungaty (wokal)
  • hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: nakgaşçylyk; dizaýn 
  • galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy;
  • beýleki hünärler hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy. 

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Arkadag ş.,N.Halmämmedow köçesi, 3-nji jaý, tel.: 57-­39­-04.

SAGLYGY GORAÝYŞ BARLAGLARY ŞU AŞAKDAKY SAGLYK ÖÝLERINDE GEÇMELI:

(Saglyk öýleriniň doly salgysy we telefon belgisi üçin şu ýerik basyň)

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi;

  • Ak bugdaý etrap hassahanasy;

  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana;

  • Kaka etrap hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasy;

  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi;

  RESMI IŞ KAGYZLARYNYŇ KABUL EDILÝÄN ÝERLERIŇ SALGYLARY:

Ahal welaýaty (Änew şäheri, 800137)

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi


Resmi iş kagyzlarynyň kabul ediljek: 2024-nji ýylyň 15-28-nji  iýuly aralygynda (dynç günsiz8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.

Egzameniň geçiriljek ýeri: Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.