Şejereýi Teräkime

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Abulgazy Bahadur han
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:48 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0.94 mb

(Abulgazy Bahadur han-Şejereýi Teräkime)

Abulgazy Bahadur (1603一1664) hanyň bu naýbaşy eseri türkmen halkynyň gadymy hem orta asyrlardaky taryhyny öwrenmek üçin az hem bolsa ser salmak ýeterlikdir.  Az hem bolsa diýmegimińsebäbi bu eserdäki wakalar hekaýatlar, taryhy rowaýatlar bilen baýlaşdyrylan, şeýle-de hakyky bolup geçen zatlar hem ýazylypdyr. Bu eseriň esasy maksady «Oguznama» eserini ýazmaklyga gönükdirilen, ýene- de bir synanyşyklaryň biridir. Şol sebäpli türkmenler Abulgazy Bahadur hana bu eseri ýazyp bermeklerini towakga edýärler, sebäbi ol taryha ökde bolupdyr. Bu kitaba häzirki wagtlarda Türkmenleriň ünsi juda uly. Sebäbi her türkmen tire-taýpasy bu kitapdan öz, buýsançly, asyl gelip çykyşyny öwrenesi geldi. Şoňa görä-de esasy syn bu Oguznamadaky ýazylan şejere ata-babalaryň atlaryna syn düşdi. Şol synlaryň biri-de Oguz hanyň aslynyň ýagny atasynyň «Mogol» atly biriniň bolmagydyr. Bu syn döwrümizdäki türkmenleri uly dowla saldy. Mogol bu 一 Mongol dälmi? Esasy ýüze çykan soraglaryň biri Türkmenleriň asly Mongolmy? Meniň şol syna bolan bir düşündiriş teswirleme galdyrasym gelýär. Abulgazy Bahadur han gönüden göni Oguz hany, biziň taryhda öwrenip ýören Gunlaryň (Hun) güýçli hökümdary bolan Mete han bilen baglanyşdyrypdyr. Mete han we Gunlar şol döwürde häzirki Mongoliýanyň sebitlerinde ýueçileriń (düýeçi一mongollar) goňşusy bolup ýaşapdyrlar. Belkäm Abulgazy Bahadur han şonuň üçin Oguz hany Mongol asylly diýjek bolandyr, ýa-da syýasat bilen baglanyşykly bolup, onuň pikiriçe bu şeýle kabul edilipdir. Muňa diňe döwrümizdäki türkmenler dowla düşmedi, taryh ylmy düýpli garşy çykdy. Sebäbi Mete han Mongol asylly dälde, Gun (hun) asylly diýip taryh aýdyp otyr. Onsoň bu kitaby okap şübhelenip oturasy iş ýok. Ondan gerekli taryhy maglumatlary geregiçe alyp ulanyp bolýar.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.