Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli

Awtor: Deýl Karnegi
Neşirýat: Ruh
Bölüm:
Sahypa: 293 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 1,84 mb

Deýl Karnegi-Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli

Eger-de siz işleriňiziň şowly, dostlaryňyzyň köp bolmagyny, il içinde meşhur bolmagyňyzy, maşgala agzybirligini bagt hasap edýän bolsaňyz, eliňizdäki kitap  nädip bagtly bolmagyň usullaryny öwredýän kitapdyr. Juda biagyr adam bolaýmasa, muny bir gezek okan ikinji, üçünji... gezek — tä berilýän maslahatlaryň ýüzünde ulanmagy öwrenýänçä, okajakdygyna, soňra bolsa ony nesilleri üçin aýap goýjakdygyna güwä geçse bolar.

Deýl Karnegiň bahasyna ýetip bolmajak şeýle kitabynyň doly tekstiniň şu mahala çenli ozalky SSSR-iň çäklerinde çap edilmänliginiň sebäbi nämekä? (Biz bu ýerde üýtgedip gurmakdan öňki ýyllary göz öňünde tutýarys.) Elbetde onuň sebäbi belli  biziň «sosialistik» sistemamyz kapitalizm dünýäsini ýek ýigrenýärdi, ondan ýagşy zatlary öwrenmekligi hem özüne kiçilik bilýärdi. Ýogsam, «Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nädip täsiriňi ýetirmeli» diýen bu kitap ilkinji gezek amerikan okyjysynyň elinde peýda bolaly bäri altmyş ýyla basalykly wagt geçdi. Munuň adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary, agzybirligi, maşgala abadançylygyny, işewürligi gowulandyrmaga ýardam etjek eserdigine garamazdan, ol sowet okyjysyna örän giç gowuşdy. Ynha, ol türkmen okyjysyna bolsa ilkinji gezek hödürlenýär. 

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.