Yşk

Awtor: Elif Şafak
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa: 651 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi: 2.71 mb
Çeşme: Dünýä edebiýaty žurnaly

(Elif Şafak-Yşk)

Türk dilinden terjime eden: Meretmämmet Hanmämmedow

1971-nji ýylda Fransiýanyň Strasburg şäherinde dünýä inen Elif Şafagyň çagalyk hem ýaşlyk ýyllary Ankarada, Madridde, Ammanda, Kölnde, Ystambulda, Bostonda, Miçiganda we Arizonada geçdi. Ol ýokary bilimi Ýakyn Gündogar Türk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminde aldy, ylmy işlerini-de şol uniwersitetde gorady. Elifiň ilkinji romany bolan ―Pynhan‖ 1998-nji ýylda Jelaletdin Rumynyň adyny göterýän Uly baýraga mynasyp boldy. Bu eserinden soň, ol ―Şäheriň aýnalary‖ we Türkiýäniň Ýazyjylar Birleşiginiň baýragyna mynasyp bolan ―Mährem‖ (2000 ý.) atly eserlerini ýazdy. Soňra ýazyjy iň köp satylan eserleriň sanawynda ilkinji orny eýelän ―Bit palas‖ (2002ý.) we iňlis dilinde ýazan ―Araf‖ (2004ý.) eserlerini neşir etdirdi. Elif Şafak ―Gaýtgyn‖ (2005ý.) eserinde aýallar, medeni bölünişik, dil we edebiýat barada ýazan eserlerini jemledi. Ol 2006-njy ýylda, ýylyň iň köp okalan eseri bolan ―Çöpdüýbi we onuň kakasy‖ romanyny okyjylara ýetirdi. Mundan soňra bolsa ençeme aýlap, iň köp satylan kitaplaryň sanawynda ilkinji orny eýelemegi başaran ―Gara süýt‖ atly terjimehal kitabyny ýazdy.

Eserleri iňlis, nemes, italýan, polýak dilleri ýaly ýigrimiden-de köp dile terjime edilen Elif Şafagyň romanlary ―Farrar‖, ―Straus and Giroux‖, ―Wiking‖ we ―Penguin‖ ýaly dünýäniň iň abraýly neşirýatlary tarapyndan neşir edilýär.

Elif Şafak eserlerini türk, iňlis dillerinde ýazýar.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.
Admin 25 Apr, 2018
@Jahan. Kitabyň aşagynda "Ýükle" diýip knopka bar, şoňa bassaň telefonyňyzyň 'download' papkasyna düşýär.
Jahan 25 Apr, 2018
Kitaby nähili ýüklemeli?
Babajan 22 Apr, 2018
Gaty gowy kitap inlis dilinde okapdym. Hemmelere okamagy maslahat beryan
@@@258$$$&&& 18 Apr, 2018
Sadece ve sadece sevdim:)
Didar 05 Apr, 2018
Kitaba sozum yok