Ak gämi

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Çingiz Aýtmatow
Neşirýat: -
Bölüm:
Sahypa:81 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:0.65 mb

(Çingiz Aýtmadow-Ak gämi)

Ol oglanyň iki ertekisi bardy. Biri özüniňkidi, ol hakda hiç kim bilmeýärdi. Beýlekisi bolsa atasyndan eşidenidi. Ahyrynda iki ertekiniň birem galmady. Gepiň tümmek ýerem şonda.

Şol ýyl oglanjyk ýedisini dolduryp, sekizine aýak basypdy. Öňi bilen oňa ýalpyldawuk gulpy süýşürilip ýapylýan, dermantinden edilen gara portfel aldylar. Portfeliň böwründe galam-salam salaýar ýaly jübüsem bardy. Gepiň keltesi, okuwçynyň bukjasydy. Ähli gürrüňem şol bukjadan başlanýardy.

Ol portfeli oglanjygyň babasy aýlanyp ýören awtolawkadan alypdy. Ýaýlagdaky maldarlara hyzmat edýän awtolawkanyň ýoly kädaýym-kädaýym San-Taş çöketligindäki tokaýçylaryň üstündenem düşýärdi. Jülgäni ýakalap, gaýalaryň etegi bilen ýokarlygyna tarap dag tokaýy beýgelip gidýärdi. Ol ýerde bary-ýogy üç sany hojalyk ýerleşýärdi. Bolsa-da awtolawka gelen mahaly şol üç sany öý hem ýatdan çykarylmaýardy.

Üç öýüň üçüsinde bar bolan ýeke oglanjygam awtolawka gelen mahaly ony ilden öňürti görýärdi.

– Gelýä! – diýip, oglanjyk gapylaryň, aýnalaryň arasyndan at salýardy. – Maşyn magazin gelýä-ä! Yssykkölüň kenaryndan başlanýan araba ýoly jülgäniň gyrasyndan aýlanyp bu ýere gelýärdi. Daşdan-daşa, kötelden-kötele urup gelýän bu ýoldan ýöräýmegem aňsat däldi. Garawul daglaryna ýetip, dar çöketlikden uçup kerte çykýan ýol ot-çöpsüz ýylçyr gaýanyň ýanyndan köpköp öwrüm edip, aşak inýärdi-de, tokaýçylaryň obasyna aýlanýardy. Garawul daglary bu ýerden uzagam däldi. Şonuň üçinem tomus aýlary oglanjyk her gün diýen ýaly ol ýerde gidip dürbi bilen Yssykkölüne syn edýärdi. Garawul daglaryndan seretseň, maşyn-a däl, atly hem, pyýada hem edil eliň aýasynda ýaly bolup görünýärdi. Bir gezek tomsuň yssy günleriniň birinde daşdan gurnalan taşanyň öňünde suwa düşýän oglanjygyň özüne tarap haýdap gelýän maşyna gözi düşdi. Derýanyň ýalpak ýerindäki ol taşany garry baba ýörite ýasapdy. Kim bilýär, şol taşa edilmedik bolsa oglanjyk häzir diri gezip ýörmese-de ýörmezdi. Garry mamasynyň aýdyşy ýaly, derýa bireýýäm ony öz girdabyna dolap, süňküne çenli balykdyr beýleki suw jandarlaryna şam ederdi. Yssykkölden çykarardy. Hiç kim onuň gözlegine-de çykmazdy, hiç kim oglanjyk üçin gözýaşam dökmezdi. Sebäbi, ilki-hä, oglanjyk suw bilen oýun etmeli däldi, galyberse-de, onuň ugruna, gözlegine çykaýjak hossary hem ýokdy. Ýöne, şu mahala çenli-hä oňatlykdy, – garrynyň çaklamasy amala aşmaýardy. Eger-de oglanjyk gark bolaýsa, garry mamasy, dogrudanam, onuň aladasynam etjek däldi. Öz çagasy bolan bolsa aýry gep. Ýöne, garry mama oňa hut «keseki» diýip ýüzlenýärdi. «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» – diýlişi ýaly, näme kesekem keseki bolýar, emma ol keseki bolmak islemese nätmeli? Näme üçin ala-böle ol keseki hasap edilmelimişin. Belkem, oglanjyk däl-de kempiriň özi kesekidir. Ol hakda soň aýdarys, ýaşulynyň oglanjyk suwa düşer ýaly ýasan taşasynyň gürrüňinem soňa goýalyň. Hawa, oglanjyk ýygy-ýygydan awtolawkany görmegi höwes edýärdi. Awtolawka dagdan aşak inýärdi. Onuň yzyndan göterilýän tozan dik asmana galýardy.

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.