Göreş

0.00 Avg rating0 Ses
Tom: -
Awtor:Çary Aşyr
Neşirýat:Türkmenistan
Bölüm:
Sahypa:231 sahypa
Formaty: .PDF
Göwrümi:1.55 mb

(Çary Aşyr-Göreş)

Nurmyrat pahyryň malyny terekä salanlarynda, ýedi oglunyň her haýsyna birmal ýetdi. Kime düýe, kime sygyr, kime eşek. . . iň kiçisiNazara tohumtaý ýetdi. Mal gowy zat, emmaAhal ýurdun-da suwuň her damjasy gyzylyň gyryndysyna barabar. Terekede doganlaryň her birine ýedi dakyga suw ýetdi. Nurmyrat kyrk dokuz dakyga1 suw bilen mes ýaşaýardy.Ýedi oglunyň ýedisinem öýli-işikli edipdi. Nazary öýeren ýylam özi aradan çykypdy. Eklenjem aňsat däl. Ýedi doganyň ýedisem Akmyrat baýyň daýhançylygyny edýärdi. Nazaryň özüne ýeten suw zordan bir peli suwarýardy. Ol peline-de Nazar ýorunja ekýärdi. Nazar kakasyny gowy görýärdi, şonuň üçinem ilkinji oglunyň adyna Kakajan dakdy. Nazar kiçijik wagty ýüregi gurtlujady. Ol oba çagalary bilen göreşerdi, ýakymsyz oglanlar bilen urşardy. Baý ogullary bilen urşany üçin agalary oňa temmi bererdi.

Elektron görnüşe geçiren: www.Enedilim.com

Teswirler

Обязательные поля помечены *. Ваш электронный адрес не будет опубликован.