Awtor bu eserinde ençeme taryhy ýerler we şahslar barada ýazypdyr. Meň ünsümi çeken zat Gowşut han we Sarahs tekeleri barada ýazylan jümleler boldy. Awtor Hojamşükür hany ak jüýje edip, Gowşut hany bolsa alamançy atarman, çaparman edip görkezipdir. Hojamşükür hany alamançylyga garşy, Gowşut han we onuň ýoldaşlary bolsa esasy işini talaňçylyk bilen meşgullanýan edip görkezipdir.
Eýsem-de alamançylyk Gowşut han döwründe döredimikä ? Taryha ünüs berýän adamlar alamançylygyň örän ir wagtdan bäri, şol sanda Hojamşükür hanyň döwründe hem giňden ýaýrandygyny taryhy eserlerden görse bolýar. Özünem Türkmenleriň taýpalary aýry-aýralykda alamançylyk eden bolsalar, Eýran şasy, Hywa hany we Buhara emiri köpsanly goşunlary bilen ýylyň ýylyna türkmenleri talap durupdyrlar.
Sowet taryhçysy O. Tumanowiç özüniň 1926-njy ýylda çykaran “Türkmenistan we türkmenler’ atly kitabynda, türkmenleriň alamançylygynyň taryhy-ykdysady esasy barada şeýle ýazypdyr: “Türkmenleriň taryhy – durşuna nan we suw ugrunda göreşdir, ýagny özleriniň ýaşaýşy ugrunda göreşdir. Olary ähli ýerde gysypdyrlar we gysyp çykarypdyrlar. Olar bolsa goranyp çozupdyrlar.” Başgaça aýdylanda alamançylygy alamançylyga jogap höküminde edipdirler.
Awtor Gowşut hanyň alamançylykdan alan zatlaryny Hojamşükür hanyň garşysyna gönükdiripdir diýip ýazýar.
Hywa hanynyň köşk taryhçysy Muhammet Ryza Mirap Agehi “Soltan wakalarynyň ýygyndysy” atly eserinde 1847-nji ýylyň wakalaryny beýan etmek bilen Sarahs tekeleriniň iki sany baştutanynyň bardygyny, ýagny olaryň Oraz ýagly we Hojamşükürdigini ýazyp, Oraz ýaglynyň Hywa hanynyň garamagyndan çykyp Buhara emiri Nasrulla gol ýapýany sebäpli Hojamşükür onuň bilen oňuşman we Hywa hanynyň gazabyndan gorkujyna bütin neberesi bilen Marydan 5 menzil (120-125 km) aşakda ýerleşen Garaburun atly ýerde mesgen tutandygyny we ol ýere saryklardan Aganyýaz parwançy, Omar beg we Mustapakuly kazy dagy hem Marydan çykyp nebereleri bilen göçüp barandyklaryny ýazýar. Soňra olaryň dördüsiniň Hywa hanynyň huzyryna öz etmişleri üçin ötünç sorap barandyklaryny, han günälerini geçenden soň yzlaryna dolanandyklaryny, öýlerine dolanyp gelmäkäler olaryň obasyna saryklar çozup talandyklaryny ýazypdyr. Wakalaryň dowamyny ýazmak bilen Hojamşüküriň ýolbaşçylygynda maslahat geçirilip Mary saryklarynyň üstünden arza ýazylyp Hywa hanyna ýüztutulandygyny, han goşun çekip gelip Mary saryklarynyň ekin meýdanlarynyň tozdurandygyny, mallarynyň köp bölegini olja alyp sürüp alyp gidendigini, galadan daşda gabat gelen adamlarynyň ýoklandygy barada ýazypdyr.
Ýokarda belleýşimiz ýaly bu wakalar 1847-nji ýylda, ýagny Gowşut hanyň 24 ýaşly wagtynda bolup geçipdir. Muhammet Ryza Mirap Agehiniň bu eserinde Gowşut hanyň ady 1855-nji ýyldaky Sarahs uruşy bilen bagly agzalýar. Gowşut han hanlyga 1853-nji ýylda (30 ýaşynda) göterlendigini göz öňünde tutsak, A.Allanazarowyň Hojamşükür bilen Gowşut han arasyndaky gapma-garşylyklar baradaky ýazanlary hem çyna berimsiz bolýar.
Awtor Gowşut han we onuň ýoldaşlaryny garalamak üçin dini wekilleri sypatyny üýtgedip bilýän ( hi ertekilerden başga ýerde gabat geldiňizmi ?) edip hem görkezipdir. Taryh barada ýazýan adam hakykat bilen ertekiniň arasyny açsa gowy bolaýjak ýaly.
Ruslaryň 1884-nji ýylda Maryny eýelänlerinden soň bu ýerde bolan we ýerli ilat bilen gürrüňdeş bolan rus ofiserleri öz ýatlamalarynda Gowşut hanyň diňe bir, atarman, çaparman bolman örän paýhasly, parasatly, adalatly adam bolandygyny belläpdirler. Eger ol şeýle bolmadyk bolsa Sarahs tekeleri onuň ýolbaşçylygynda nädip Hywa hany Mädeminiň 40 müňlik goşunyny ýeňsin.
Ýene bir bellejek zadym pereňli ýesir Genrih Gulibef-de Blokwil Hemze mürzäniň goşunynda top ussasy däl-de karta çyzyjy we suratkeş bolupdyr.